Koreýa Respublikasynda dünýäniň iň uly çip önümçilik merkeziniň guruljakdygy mälim edildi. Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Kýongido welaýatynda guruljak desga üçin 230 milliard dollara golaý maýa goýum sarp ediler. Ýurduň Senagat, söwda we energiýa ministrligi zawodlar toplumynyň 2042-nji ýylda işe giriziljekdigini mälim etdi. Bu ýerde ýarymgeçirijiler bilen bir hatarda ekran, batareýa we robot ýaly beýleki ýokary tehnologiýa talap edýän enjamlar öndüriler.
Smartfon, kompýuter, telewizor, awtoulag, öý hojalyk tehnikalary we beýleki ululy-kiçili elektron enjamlaryň ählisinde ulanylýan çipler tehnologiýa enjamlarynyň iň esasy bölegi hasaplanýar.
Ogulbahar Wepaýewa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









