Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty öz işine başlady.

Halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň degişli düzümleriniň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Bolgariýanyň, Horwatiýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk guramalarynyň hem-de bu ugurda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşýar.

Halkara maslahatyň geçirilýän ýerinde milli gymmatlyklarymyz hem-de amaly-haşam sungatymyzyň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Myhmanlar duz-tagam hem-de dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren nusgawy sazlar bilen garşylandy.

Dünýä döwletleri bilen syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary kämilleşdirmäge ýardam berjek bu halkara maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okaldy. Gutlagda täze taryhy döwürde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli maksatnamalaryň döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerini dünýäde has-da giň­den dabaralandyrýandygy bellenilýär.

Halkara maslahatyň dowamynda daşary ýurtly we türkmen hünärmenleri çykyş edip, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.