Şu gün, 20-nji martda Dohada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde 7 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama bar.