8-nji maýda Fransiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda “Öňe!” partiýasynyň lideri Emmanuel Makron sesleriň jemi 66,06 göterimini alyp, bu wezipä geçmäge mynasyp boldy. Onuň bäsdeşi “Milli frontuň” wekili Marin Le Pen bolsa, 33,94 göterim ses aldy. Fransiýanyň Içeri işler ministrligi ähli saýlaw uçastoklarynyň 100 göterim (47,4 million) býulletenlerini sanalandygyny mälim edip, Prezident saýlawlaryndaky ses berlişigiň deslapky netijelerini habar berdi.
Emmanuel Makron “Milli frontuň” wekili Marin Le Penden 30 göterimden gowrak köp ses alyp, ynamly ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, 39 ýaşly ozalky ykdysadyýet ministri Fransiýanyň taryhynda iň ýaş döwlet ýolbaşçysy bolar. Netijeler mälim edilenden soňra, Makron terrorizme garşy göreşi dowam etdirjekdigini hem-de Ýewropanyň bitewüligi ugrunda işlejekdigini mälim etdi.
Makronyň ýeňşi bilen ilkinjileriň hatarynda, onuň bäsdeşi “Milli frontuň” dalaşgäri Marin Le Pen gutlady. Fransiýanyň häzirki Prezidenti Fransua Olland, amerikan lideri Donald Tramp we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we beýlekiler Ýeliseý köşgüniň täze saýlanan ýolbaşçysyna öz gutlaglaryny ýolladylar. Makron öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda bu ýeňşiň görlüp-eşidilmedikdigini we onuň amala aşjakdygyna köpüň ynanmandygyny aýtdy. Şeýle hem Makron daşary ýurda ilkinji saparyny Germaniýa amala aşyrjakdygyny mälim etdi.
15-nji maýda saýlanan Prezident Makron ýurduň häzirki Prezidenti Fransua Ollanddan bu wezipäni resmi ýagdaýda kabul edip alar. 23-nji aprelde ýurtda saýlawyň birinji tapgyry geçirilip, jemi 11 dalaşgär güýç synanyşypdy.