Ýaponiýa iki ýylyň içinde Aziýanyň ösüş bankynyň üsti bilen Aziýa döwletleriniň infrastrukturasynyň ösüşi üçin 40 million dollar bölüp berer. Bu barada Ýaponiýanyň Ýogogama şäherinde geçirilen bankyň 50-nji mejlisinde maliýe ministri Taro Aso mälim etdi.
– Aziýa ösüş bankynyň netijelerine görä, infrastruktura ugruna maýa goýum ýakyn 15 ýylda 26 trillion dollara çenli artar. Biz ýokary hilli infrastrukturany öňe ilerletmek ugrunda Aziýanyň ösüş banky bilen özara gatnaşyklarymyzy berkitmek isleýäris – diýip, Aso aýtdy.
Ilkinji nobatda bu maýa goýumlary arassa energiýa, transport ulgamy we ýokary tehnologiýaly desgalary döretmek ýaly beýleki ugurlary ösdürmäge gönükdiriler.