Magtymguly Pyragy türkmeniň görnükli akyldary, türkmen edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biridir. Beýik türkmen şahyrynyň watançylyk, mertlik, geçirimlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, rehimdarlyk, myhmansöýerlik häsiýetleri baradaky goşgulary terbiýeçilik mekdepdir. Şahyr Watan, watansöýüjilik baradaky düşünjäni has-da belende göterýär. Onuň çuň many-mazmuna, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiliginiň içinden watançylyk duýgulary eriş-argaç bolup geçýär.
Magtymguly Pyragy XVIII asyr türkmen edebiýatynda uly öwrülişik eden beýik şahsyýet. Ilki bilen, akyldar şahyr halk köpçüligine düşnüksiz bolan arap, pars dillerinde şygyr ýazmakdan saklanyp, hakdan içen ussatlygy bilen, halka düşnükli, sada dilimizi saýlap alypdyr. Şahyryň döredijiliginiň halka ýakynlygy hem hut şundandyr. Galyberse-de, Magtymguly Pyragy ylym ussady Döwletmämmet Azadynyň täsiri bilen, milli şygryýeti dünýä berdi. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasyny, tutuş Gündogaryň ylmy-medeni dünýäsine ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp belläp geçmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Ajaýyp şygyrlary bilen türkmen halkynyň dünýägaraýşyny, watançylyk hakyndaky düşünjelerini ýokary derejelere çykaran Pyragynyň döredijiligi watansöýüji nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyr halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, özbaşdak döwlet gurmagy, türkmenleri birleşdirip, bu mukaddes toprakda özygtyýarly döwlet gurmak baradaky garaýyşlary öňe sürüpdir we bu işleri amala aşyrmaga şahsy goşandyny goşupdyr. Ol döwlet gurluşy bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmek, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin Owganystana, Azerbaýjana, Siriýa, Hindistana we beýleki ýurtlara syýahat edipdir.
Gündogar şygryýetiniň göwher täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi şygyrlaryndaky dürdäne garaýyşlarynda ýüze çykýar. Ol öz şygyrlarynda ynsanyň ähli ýokary ahlak sypatlaryny ussatlyk bilen suratlandyrýar. Akyldar şahyrymyzyň bize miras goýan şygyrlary tükenmez pähim-parasadyň, öwüt-nesihatyň çeşmesidir. Akyldar şahyryň şygyrlary ynsan kalbyna adalatyň, gujur-gaýratyň, pähim-parasadyň tohumyny sepeleýär. Magtymgulynyň döredijiligi bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirleri bilen, ilkinji nobatda, türkmen halky we onuň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr.
Dana şahyryň ajaýyp edebi mirasy öz röwşen nuruny diňe bir türkmen halkynyň kalbyna çaýman, ol Ýer ýüzüniň milletlerini dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Şahyryň şygyrlary ýigrimiden gowrak dillere terjime edilip, dünýä halklary tarapyndan okalýar. Russiýada, Ukrainada, Özbegistanda, Türkiýede şahyryň hormatyna onuň heýkelleri dikildi, şahyryň baýramçylyk senesine bagyşlanyp, her ýylda dünýäniň dürli künjeklerinde halkara derejede ylmy maslahatlar, duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Onuň ajaýyp şygyrlary adamzat paýhasynyň dürdäneleri bolup ýalkym saçýar.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynda, tutumly işlerinde Magtymguly Pyragynyň erkana hem abadan durmuş, berkarar döwlet, il agzybirligi, ýurt abadançylygy, mert, watansöýüji, kämil nesilleri ýetişdirmek baradaky köňül arzuwlary, sözüň doly manysynda amala aşýar. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem gymmatlygyna öwrülip, ebedi ýaşaýar.
Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.