22-24-nji mart­da BMG-nyň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­syn­da “Dur­nuk­ly ösüş üçin suw: 2018-2028-nji ýyl­lar” hal­ka­ra he­re­ket on­ýyl­ly­gy­nyň mak­sat­la­ry­na gi­ňiş­le­ýin syn ber­mek bo­ýun­ça BMG-niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, bu hal­ka­ra mas­la­ha­ta 7 döw­let we hö­kü­met baş­tu­ta­ny, wi­se-pre­zi­dent­ler, wi­se-prem­ýer­ler we suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça jo­gap­kär 70-den gow­rak mi­nistr gat­naş­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş mas­la­ha­tyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş edip, glo­bal suw kyn­çy­ly­gy­ny ýe­ňip geç­mek üçin aşak­da­ky dört ugur­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­gi tek­lip et­di:
su­wa ada­lat­ly el­ýe­ter­li­lik;
suw do­lan­dy­ry­şy­na ma­ýa go­ýum­la­ry;
suw baý­lyk­la­ry­ny tyg­şyt­ly sarp et­mek;
ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş.
Mas­la­ha­tyň işi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Dur­dy Gen­ji­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­dy.
Türk­men we­ki­li­ýe­ti fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň suw me­se­le­sin­dä­ki esa­sy ugur­la­ry­ny we bu ugur­da ýur­duň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň mö­hüm ta­rap­la­ry­ny be­ýan et­di.
Hu­su­san-da, Türk­me­nis­ta­nyň suw me­se­le­si­ne bo­lan çe­me­leş­me­sin­de su­wuň äh­li adam­za­dyň umu­my em­lä­gi­di­gi we aras­sa agyz su­wu­na deň we ada­lat­ly el­ýe­ter­li­li­giň her bir ada­myň esa­sy hu­ku­gy­dy­gy ýö­rel­ge­sin­den ge­lip çyk­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.
Şeý­le hem, Türk­me­nis­ta­nyň ýü­ze çyk­ýan se­bit­dä­ki suw we ener­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň üç ýö­rel­ge esa­syn­da çö­zül­me­gi­niň ta­rap­da­ry­dy­gy nyg­tal­dy:
bi­rin­ji­den, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­nyň esa­syn­da;
ikin­ji­den, her bir ýur­duň bäh­bit­le­ri­ni göz öňün­de tut­mak bi­len;
üçün­ji­den, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, il­kin­ji no­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň gat­naş­ma­gy bi­len.
Suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryn­dan bi­ri­di­gi­ni bel­läp, türk­men we­ki­li­ýe­ti suw gor­la­ryn­dan tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak we daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny güýç­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň, hu­su­san-da BMG-niň Suw stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp düz­mek, BMG-niň Aral de­ňiz bas­seý­ni üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny dö­ret­mek we Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi teh­no­lo­gi­ýa­la­ry üçin se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ýa­ly baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­ren­di­gi bel­le­nil­ýär.