27-nji mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow “Ros­siýs­ki­ýe že­lez­ny­ýe do­ro­gi” APJ-niň Baş di­rek­to­ry — mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Oleg Be­loz­ýo­ro­wy ka­bul et­di.
Myh­man du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy hem-de türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Rus­si­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, hu­su­san-da, özü­niň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän iri ulag kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Rus­si­ýa­nyň de­mir ýol kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, we­ki­li­ýe­tiň ýur­du­my­za sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da ne­ti­je­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek, hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny hem-de gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin oňyn müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­jek­di­gi­ne, du­şu­şyk­la­ryň jem­le­ri­niň bol­sa de­mir ýol ula­gy pu­da­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de mö­hüm ädim bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýo­ka­ry döw­let de­re­je­sin­de ýo­la goý­lan açyk, oňyn gat­na­şyk­lar däp bo­lan türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de iler­let­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da sy­ýa­sy ul­gam­da, mi­nistr­lik­le­riň we ugur­daş eda­ra­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça öza­ra hyz­mat­daş­lyk ama­la aşy­ryl­ýar. Hö­kü­me­ta­ra türk­men-rus to­pa­ry ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, Rus­si­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­tan­da de­mir ýol­la­ry hem-de ugur­daş dü­züm­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak we elekt­rik­leş­dir­mek, önüm­çi­lik amal­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­gy­nyň gel­je­gi ulu­dyr.
Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra ulag hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär, ol bi­ziň da­şa­ry yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da lo­gis­tik ge­çel­ge­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we “Ros­siýs­ki­ýe že­lez­ny­ýe do­ro­gi” APJ-niň Baş di­rek­to­ry – mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy bi­rek-bi­re­ge hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny aý­dyp, bar bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry hem-de bi­le­lik­dä­ki işiň top­la­nan oňyn tej­ri­be­si­ni ha­sa­ba al­mak bi­len gu­ral­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.