Şu gün, 29-njy martda Koreýanyň Söwda-senagat palatasynyň «Grand hall» halkara konferensiýalar zalynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Çäräniň açylyşynda Koreýa – Merkezi Aziýa dostluk assosiasiýasynyň esaslandyryjysy Li Ok Rýon we Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew giriş sözi bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen-koreý medeni gatnaşyklarynyň ösüşi we bu babatda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ähmiýeti hakynda aýdyldy.
Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory Ri Jonkok, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen ähli türkmenistanlylary mähirli gutlady. Ol şahyryň ýubileýi mynasybetli çäreler bilen utgaşýan Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin möhüm tapgyr boljakdygyna uly ynam bildirdi.
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myradalyýew hem öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň medeni diplomatiýasy, bu Medeniýet günleriniň çäklerinde geçiriljek çäreleriň ähmiýeti hakynda belledi. Bellenişi ýaly, Medeniýet günlerinde guraljak konsertler, görkeziljek filmler, türkmen milli gymmatlyklary, şaý-sepleri, lybaslarydyr neşir önümleri, beýik şahyrymyzyň kitaplary koreý halkyny türkmen edebiýaty, taryhy hem-de mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrar.
Soňra koreý dilinde Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligine bagyşlanan wideoşekil görkezilip, koreý artistiniň ýerine ýetirmeginde şahyryň goşgulary okaldy.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat günüň ikinji ýarymynda hem dowam eder.
Maslahat tamamlanansoň, medeni çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, dostlukly iki döwletiň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bolar. Onda Atajan Berdiýew, Läle Begnazarowa, Leýli Ökdirowa, Züleýha Kakaýewa, Döwran Şammyýew, Suhanberdi Orazberdiýew, «Miras» folklor toparynyň, «Kamerata Aşgabat» toparynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň artistleri Park Jungwok we Li Eunkýang çykyş ederler.
Türkmenistanyň Medeniýet günleri Koreýa Respublikasynyň Seul hem-de Uiýjongbu şäherlerinde 31-nji marta çenli dowam eder.