Şu gün Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi. Möhüm möwsüm mynasybetli welaýat häkimliginde oba hojalyk düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Şu ýyl bu sebitde 140 müň gektar meýdanda gowaça ekmek, 275 müň tonna «ak altyn» hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Gyzgalaňly möwsüme taýýarlygyň çäginde welaýat oba hojalyk birleşiginiň garamagyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary düýpli abatlanyldy. Şu ýyl welaýat boýunça pagta ekijileriň 454-si, dürli kysymly traktorlaryň 2200-den gowragy we 19 müňden gowrak oba hojalyk iş gurallary bökdençsiz işlediler.
Ekiş bilen baglanyşykly Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginde aýdym-sazly dabara geçirildi. Soňra il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda topraga tohum sepilip, ýagşy dilegler edildi.
Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda şu ýylyň 24-nji martynda gowaça ekişine badalga berlipdi.