Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleri Angela Merkeliň ýolbaşçylyk edýän Hristian-demokratik bileleşigi (HDS) sebit saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ýurduň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa sebitinde geçirilen saýlawlarda bu syýasy partiýa sesleriň 35 göterimini eýeledi. SDPG partiýasy bolsa, ikinji orunda barýar. Köp ýyldan bäri, sosial-demokratlar ýerli parlamentde üstünlige eýe bolup gelýärdi. Ýöne bu gezek olara nobatdaky üstünligi gazanmak başartmady. Netijede, Angela Merkeliň partiýasy öňe saýlandy.
Demirgazyk Reýn-Westfaliýa – ýurduň ilat sany boýunça iň iri sebiti. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu sebitdäki saýlawlaryň netijesi 4 aýdan soňra geçiriljek ýurduň milli parlamenti bolan Bundestagdaky saýlawyň umumy netijelerine öz täsirini ýetirip biler.