Tutuş dünýäde awtoulag önümçiliginde öňdeligi eýeleýän Ýaponiýanyň “Toyota” awtokonserni 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ilkinji dolandyryp bolýan, uçýan awtoulagyny köpçülige görkezmegi meýilleşdirýär. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berdi.
Kompaniýa 3 ýylyň dowamynda uçýan ulagy işläp düzmek üçin 42 million ýen (370 müň dollar) maliýe serişdesini sarp etmegi maksat edinýär. Täze ulag 10 metr belentlikde sagatda 100 kilometr tizlige ýetmek mümkinçiligine eýe bolar.
Uçýan ulagyň jemi 8 sany ganaty bolar. Onuň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda içi adamly ilkinji uçuşyny amala aşyrmagy göz öňünde tutulýar. 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda bu uçýan ulag bilen olimpiýa alawyny ýakmak meýilleşdirilýär.