3-4-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentligi bilen «Türkmen forum» kompaniýasy gurnamagynda halkara maslahat we sergisi geçiriler. Onda halkara ýük daşamalarynyň we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşi ara alynyp maslahatlaşylar.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC 2023) maslahaty yklymyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we «Demirgazyk-Günbatar» we «Günbatar-Gündogar» geçelgeleriniň Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen birikdirilmegine gönükdirilendir.
Maslahata Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary we halkara ulag kompaniýalary gatnaşarlar. Duşuşykda köp sanly ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekilmegine garaşylýar. Maslahatyň işinde “Airbus”, “Boeing”, “Cargo Lux”, “Fly Dubai”, “Vitol”, “Dragon Oil” we beýleki daşary ýurtly kompaniýalar gatnaşarlar.
Mundan başga-da, maslahata Türkmenistana Howa ulagynyň halkara birleşmesiniň, Gämiçiligiň halkara palatasynyň, BMG-niň awtomobil ulag baradaky halkara birleşiginiň we Bütindünýä banky we Aziýanyň ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gelerler.
Çäreniň çäklerinde «Ulag logistika» sergisi meýilleşdirilýär, oňa öndürijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, üpjün edijiler we awtoulag kärhanalarynyň dilerleri gatnaşarlar.
Maslahat Türkmenistanyň ulag babatyndaky mümkinçiligini doly açyp görkezmäge we maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder.