“Mercedes”-däki paýnamalaryny satar

96

Ku­weý­tiň “Ku­wa­it Invest­ment Aut­ho­ri­ty” (KIA) gaz­na­sy “Mer­se­des-Benz Group AG” kom­pa­ni­ýa­syn­da­ky paý­na­ma­la­ry­nyň dört­den bir bö­le­gi­ni sat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Gaz­na 20 mil­li­on tö­we­re­gi bo­lan paý­na­ma­la­ry­nyň her bi­ri­ni 69,27 ýew­ro­dan, je­mi 1 mil­liard 385 mil­li­on ýew­ro sat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu sa­tuw­dan soň Gü­nir­ta Ko­re­ýa­nyň KIA kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ne­mes kom­pa­ni­ýa­syn­da­ky paý­na­ma­la­ry­nyň sa­ny 53 mil­li­on bo­lar.
“Bloom­berg”-iň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ka­tar gaz­na­sy hä­zir­ki wagt­da “Mercedes”-iň 6,8% paý­na­ma­sy­na eýe bo­lup, üçün­ji uly paý­da­ry­dyr. Gaz­na­nyň 50 ýyl tö­we­re­gi wagt bä­ri “Mercedes”-iň paý­na­ma­la­ry­nyň eýe­si bo­lup gel­ýär.
Bu ba­ra­da­ky tä­ze­li­giň ha­bar be­ril­me­gi bi­len “Mercedes”-iň paý­na­ma­la­ry­nyň gym­ma­ty 0,6 % ýo­kar­la­nyp, 71,89 ýew­ro ba­ra­bar bol­dy.

Dün­ýä Bal­ly­ýe­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.