Hytaý bazarynda öňdeligi eýeleýär

137

Dün­ýä­niň iň uly smart­fon ba­za­ry bo­lan Hy­taý­da “App­le”, “Sam­sung” we “Xiao­mi” ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­lar öz sa­tu­wy­ny art­dyr­ma­ga ça­lyş­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hy­taý brend­le­ri­niň sa­ny we önüm­çi­li­gi ýo­ka­ry hem bol­sa, bu ýurt­da mo­bil en­jam­la­ryň sa­tu­wyn­da “App­le” öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy glo­bal kom­pa­ni­ýa­la­ryň äh­li­si üçin gym­mat­ly ba­zar bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry hem bu ba­zar­dan has köp paý al­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär. Ge­çen ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, “iP­ho­ne” sa­tu­wy bu ýurt­da bäs­deş­le­rin­den has köp bo­lup­dyr. 2022-nji ýyl­da Hy­taý­da sa­ty­lan her üç “iP­ho­ne”-dan bi­ri­niň “iP­ho­ne 13”-di­gi mä­lim edil­di.
“Coun­ter­point Re­se­arch” mar­ke­ting şe­re­ke­ti­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, bu ýurt­da sa­tyl­ýan iň köp 10 smart­fo­nyň sa­na­wyn­da­ky il­kin­ji üç orun “App­le”-a de­giş­li bo­lup­dyr. Onuň yzy­sü­re bol­sa, “Ho­nor” bren­di­niň mo­bil en­jam­la­ry bo­lup, il­kin­ji on­luk­da dört or­ny eýe­läp­dir. “Vivo” hem-de “Op­po” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hem kä­bir mo­del­le­ri sa­na­wa gi­rip­dir.
Ge­çen ýyl hy­taý­ly sarp edi­ji­ler 980-den gow­rak gör­nüş­li te­le­fon mo­de­li­ni sa­tyn alyp­dyr­lar. Bu gör­ke­zi­ji 2021-nji ýyl­da 1 müň 100 mo­del bo­lup­dyr. Di­ňe “iP­ho­ne 13” mo­de­li ýurt­da sa­ty­lan smart­fon­la­ryň 6,6 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir.

Aý­bö­lek Gy­ly­jo­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.