Ýewropa bilen Aziýanyň iň uly kompaniýalary bilelikde iş alyp bararlar. Şweýsariýanyň oba hojalyk kompaniýasy “Syngenta” Hytaýyň döwlet himiýa korporasiýasy “ChemChina” bilen birleşmek hakyndaky maksatnamany tassyklady. Bu geleşigiň bahasy 43 milliard dollara barabardyr. Iki uly kompaniýa birleşenden soňra her ýylky girdejisi 100 milliard dollar töweregi bolar. Olar tohum, dökün hem-de himiki önümlerini öndürerler.
Kompaniýalaryň ýolbaşçy düzümine 4 sany garaşsyz ýolbaşçy goşular. “Syngenta” kompaniýasynyň düzüminde 28 müň adam işleýär. “ChemChina”-nyň bolsa,140 müňe golaý işgäri bolup, olaryň üçden biri daşary ýurtlarda işleýär.