Şu gün, Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işine ne badalga berildi. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä gatnaşyjylara ugradan gutlagy okaldy.
Üç gün dowam etjek sergide Türkmenistanyň söwda toplumynyň gazananlary, ýerli kärhanalaryň harytlary — azyk, senagat önümleri, sarp ediş harytlary, haly we dokma önümleri ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da ýurdumyzda öndürilen öý hojalyk tehnikalary, mebeller, mekdep partalary görkezilýär.
Şeýle hem sergi meýdançasynyň uly böleginde dürli el işleriniň – elde çekilen suratlary, dürli sowgatlyk harytlary, aksesuarlary, türkmen milli egin-eşikleri bilen bezelen gurjaklary görmek bolýar.
Serginiň dowamynda Aşgabadyň Modeller öýi tarapyndan taýýarlanan egin-eşikleriniň görkezilişi boldy. Zenanlara, erkeklere we çagalara niýetlenen täze lybaslaryň görkezilişine myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň söwda maglumatlar portaly (infotrade.gov.tm) işe girizilip, sergä gatnaşyjylar onuň işi bilen giňişleýin tanyşdyrylar.