3-nji ap­rel­de Gaa­ga şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Bel­gi­ýa­da­ky Il­çi­si Sa­par Päl­wa­now Hi­mi­ýa ýa­rag­la­ry­ny ga­da­gan et­mek ba­ra­da­ky gu­ra­ma­nyň (HÝAG) Baş di­rek­to­ry Fer­nan­do Aria­sa bu Gu­ra­ma­nyň ýa­nyn­da­ky He­mi­şe­lik we­ki­li hök­mün­de ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.
Da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Il­çi­si we Gu­ra­ma­nyň Baş di­rek­to­ry Türk­me­nis­ta­nyň we HÝAG-nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ýag­da­ýy ba­ra­da öza­ra pi­kir alyş­dy­lar.
Söh­bet­deş­li­giň ba­şyn­da Il­çi S.Päl­wa­now Baş di­rek­to­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şeý­le hem Il­çi türk­men Hö­kü­me­ti­niň özü­ni Türk­me­nis­ta­nyň HÝAG-yň ýa­nyn­da­ky He­mi­şe­lik we­ki­li bel­le­mek ar­ka­ly, bu ab­raý­ly Gu­ra­ma bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry has gi­ňelt­mä­ge hem-de ber­kit­mä­ge bo­lan is­le­gi­ni be­ýan et­di.
HÝAG-yň Baş di­rek­to­ry Fer­nan­do Arias hem öz ge­ze­gin­de, Gu­ra­ma­nyň alyp bar­ýan esa­sy iş ugur­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­rip, hä­zir­ki za­man­da hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň we far­ma­sew­ti­ka­nyň yzy­gi­der­li ös­ýän we öz­ger­ýän şert­le­rin­de, hi­mi­ki mad­da­la­ryň ta­la­ba­la­ýyk ön­dü­ri­li­şi­ne we sak­la­ny­şy­na, mak­sa­da­la­ýyk ula­ny­ly­şy­na, ola­ryň söw­da­sy­nyň aç-açan­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek­li­giň hem Gu­ra­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di.