6-njy aprelde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmen zenany – jemgyýetçilik we döwlet işinde göreldelik nusga” atly medeni çäre geçirildi.
Bu wekilçilikli çäräniň maksady Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň ornuny we ähmiýetini, olaryň ösüşiň dürli ugurlaryny milli we halkara derejelerinde amala aşyrmakdaky tagallalaryny giňişleýin şöhlelendirmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, zenanlar barada alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Bu çärä Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rustamowa, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, şahyr Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa we ýurdumyzyň beýleki döwlet we jemgyýetçilik wekil-zenanlary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň häzirki zaman durmuşynda aýal-gyzlaryň ýokarlanýan ornuna, olaryň döwlet we jemgyýetçilik ösüşiň dürli ugurlaryna goşýan goşantlaryna aýratyn üns berildi.
Foruma gatnaşyjylar zenanlaryň hukuklaryny üpjün edýän we goraýan kepil hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we milli kanunçylygynyň degişli resminamalaryna esaslanýan döwletimiziň zenanlar babatyndaky syýasatynyň, şeýle hem zenanlaryň bilim almaklary we olaryň saglygy bilen bagly üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň, zenanlaryň durmuş-jemgyýetçilik ornunyň ähmiýetini bellediler. Medeni, bilim we ekologiýa diplomatiýasy ugurlaryndaky başlangyçlaryň amala aşyrylmagynda zenanlaryň orny we ähmiýeti, olaryň türkmenistanlylaryň ýaş neslini mynasyp derejede terbiýelemekdäki uly goşantlary barada hem nygtaldy.