Ber­lin dün­ýä­niň iň oňat jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­ga­my bo­lan şä­her hök­mün­de yk­rar edil­di. Sy­ýa­hat­çy­lyk gol­lan­ma­sy­ny ne­şir ed­ýän “Ti­me Out” dün­ýä­niň 50 şä­he­rin­de 20 müň adam­dan ýer­li jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na nä­hi­li ga­ra­ýan­dyk­la­ry­ny bil­mek üçin pi­kir so­ra­ly­şyk ge­çir­di.
Ne­ti­je­de, tä­ze sa­naw­da Ýew­ro­pa we Azi­ýa ag­dyk­lyk ed­ýär – il­kin­ji on­lu­ga tu­tuş­ly­gy­na bu yk­lym­la­ryň şä­her­le­ri gir­ýär. Şeý­le hem di­ňe 19 ugur­dan yba­rat sa­naw­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da üç şä­her bar, ga­lan yk­lym­lar as­la gör­ke­zil­me­ýär.
Şeý­le­lik­de, Ber­lin, Pra­ga, To­kio, Ko­pen­ga­gen, Stok­golm, Sin­ga­pur, Gon­kong, Taý­peý, Şan­haý, Ams­ter­dam, Lon­don, Mad­rid, Edin­burg, Pa­riž, Nýu-Ýork, Mon­re­al, Çi­ka­go, Pe­kin we Mum­bay dün­ýä­niň iň oňat jem­gy­ýet­çi­lik ulag­ly şä­her­le­ri bol­du­lar.