10-njy ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Mäh­ri Bä­şi­mo­wa­nyň BMG-niň Ilat Gaz­na­sy­nyň (UNF­PA) Türk­me­nis­tan­da­ky eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Aý­na Se­ýit­li­ýe­wa bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da 2021-2025-nji ýyl­lar üçin tas­syk­la­ny­lan ýurt bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň UNF­PA bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ta­rap­lar şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri we pu­dak eda­ra­la­ry bi­len ýyl­lyk me­ýil­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de bi­le­lik­de üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri be­ýan et­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gen­der deň­li­gi, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek, rep­ro­duk­tiw sag­lyk we maş­ga­la­nyň me­ýil­leş­di­ri­li­şi ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk nyg­tal­dy.
Ta­rap­lar ile­ri tu­tul­ýan ugur hök­mün­de ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ul­ga­myn­da hem öza­ra he­re­ket­le­riň iş­jeň­leş­di­ril­me­li­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di­ler.