Angliýanyň çempionatynda “Mançester Siti” 5-nji tapgyrda-da ýeňiş gazandy. Öz meýdançasynda “Sanderland” bilen duşuşan “Mançester Siti” 5-3 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şäherlilere ýeňiş getiren gollary Enzo Fernandes (9), Şerki (30), Semenýo (43, 57) hem-de Holann (81) geçirdi. “Sanderland” toparynda Brobbeýiň het-trigi (12, 33, 59) ýeňşe ýetmedi. “Mançester Sitiniň” tälimçisi Enzo Mareska APL-de ilkinji 5 duşuşykda ýeňiş gazanan 6-njy tälimçi hökmünde hasaba alyndy.

Soňky çempion “Arsenal” myhmançylykda “Braýtondan” 3-0 (Gross 31, Kostulas 45, Andres 57) hasabynda asgyn geldi. Olar soňky gezek 2023-nji ýylyň maýynda 3 gol geçirdipdi. Olar şonda-da “Braýtondan” 3-0 hasabynda ýeňlipdi.

“Liwerpul” myhmançylykda “Bornmuty” Aleksander Isakyň 57-nji minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi.

“Çelsiniň” myhmançylykda “Brentforddan” 3-0 hasabynda utulan tapgyrynda “Tottenham” topary ýene-de ýeňiş gazanyp bilmedi. Öz meýdançasynda “Aston Willadan” 3-2 asgyn gelen “Tottenham” möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirse-de, bu olara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Oturgyjy yranyp başlan Maýkl Kerrigiň tälimçiligindäki “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Fulham” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady.

“Nýukasldan” 2-1 hasabynda asgyn gelen “Hall Siti” möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Myhmançylykda “Nottingam Foresti” Dasilwanyň ýeke-täk goly bilen ýeňen “Kowentri Siti” APL-de 25 ýyldan soň ilkinji ýeňşini baýram etdi.

 

5-nji tapgyryň netijeleri:

Brentford – Çelsi: 3-0

Tottenham – Aston Willa: 2-3

Ewerton – Ipswiç: 1-0

Nýukasl – Hall Siti: 2-1

Braýton – Arsenal: 3-0

Lids – Kristal Palas: 0-0

Bornmut – Liwerpul: 0-1

Mançester Siti – Sanderland: 5-3

Fulham – Mançester Ýunaýted: 1-1