10-njy aprelde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara dialogy pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugurlary boýunça işjeň ösdürilýär.
Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri, parahatçylygyň, durnuklylygyň, ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän milli ykdysadyýetiniň innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, döwrebap infrastrukturalaryň döredilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalara aýratyn üns çekildi.
Diplomat türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, öz gezeginde, Belgiýanyň Patyşasynyň arzuwlaryny we salamyny ýetirdi. Ilçi özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty netijesinde halkara abraýa eýe bolan döwletde Belgiýa Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.