10-njy ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gyn­da­ky Il­çi­si O.Ça­ry­ýew bi­len Aý­lag Hyz­mat­daş­lyk Ge­ňe­şi­niň (GCC) Baş sek­re­ta­ry Ja­sem Mo­ha­med Al­bu­dai­wi­niň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len GСС ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ra iki­ta­rap­la­ýyn hem-de se­bi­ta­ra de­re­je­ler­de uly orun be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şeý­le hem, ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Ge­ňe­şiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­mak ar­ka­ly, bu gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de tä­ze de­re­je­le­re çy­kar­mak ba­ra­da öza­ra pi­kir alyş­dy­lar.
Mun­dan baş­ga-da, türk­men ta­ra­py GCC-niň Baş sek­re­ta­ry­na türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­syn­dan ugur al­nyp gu­rul­ýan Ar­ka­dag şä­he­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.
Ja­sem Mo­ha­med Al­bu­dai­wi ýa­kyn wagt­da ge­çi­ril­jek Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na ça­gy­ryl­dy.