Hindistanyň Assam ştatynyň Guwahati şäherinde 11 müňden gowrak tansçy we sazanda Bihu tansyny ýerine ýetirip, tansçylaryň we deprekçileriň sany boýunça iki sany dünýä rekordyny goýdular. Bu barada “Euronews” teleýaýlymy habar berdi.  Assam medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan Bihu tansy ýerli senenamada Täze ýylyň başlanmagyny aňladyp, her ýylda guralýan festiwalda ýerine ýetirilýär.