Argentinanyň günortasyndaky Neuken welaýatyndan ýaşy 70 million ýyla barabar bolan dinozawryň ýumurtgasy ýüze çykaryldy. Ýumurtganyň içinde dinozawryň düwünçeginiň galyndylary saklanyp galypdyr. Neukeniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça depertamentiniň başlygy Klaudiýa Delýa Negranyň aýtmagyna görä, alymlar üçin bu tapyndynyň ägirt uly ähmiýeti bar.
Onuň bellemegine görä, ýumurtganyň tapylan ýeri batgalyk bolup, soňra onuň üstüniň wulkan läbikleri bilen gömülenligi sebäpli biziň günlerimize çenli abat ýagdaýda saklanyp galypdyr. Dinozawrlaryň höwürtgesini ýerli çopanlar birnäçe ýyl mundan ozal, ilatly ýer Aguada-San-Rokede tötänden üstünden bardylar, ýöne alymlar tapyndy barada häzire çenli habar bermediler. Dinozawryň ýumurtgasynyň tapylan ýerinden, yzygiderli dinozawr höwürtgeleri, şeýle hem, olaryň iýen haýwan süňkleriniň galyndylary tapylýar. Bilermenler bu ýerde bu zolagy gelejekki nesiller üçin gorap saklamaga mümkinçilik berjek paleontologik seýilgähi döredip boljakdygyny belleýärler.