20-nji maýda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ilkinji daşary ýurt saparyny Saud Arabystanyna amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Prezident Tramp Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud bilen ikiçäk duşuşyp, hyzmatdaşlygy berkitmegiň we gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. “Biz bilelikde maksada ýeteris” atly saud-amerikan sammitinde taraplar ykdysady we harby-tehniki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem Er-Riýadda Pars aýlagyndaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşligine girýän ýurtlaryň Liderleri bilen Trampyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde guralan sammite 50-den gowrak arap we musulman ýurtlarynyň Liderleri hem-de ýolbaşçylarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, ABŞ-nyň Prezidenti Saud patyşasy bilen birlikde, Er-Riýadda ektremistik hereketlere garşy göreş boýunça Global merkeziň açylyşyna gatnaşdylar. Tramp daşary ýurda ilkinji saparynyň çäklerinde Saud Arabystanyna, Ysraýyla, Watikana, Italiýa bardy, şeýle hem, Brýusselde NATO-nyň we Sisiliýada “Uly ýediligiň” sammitlerine gatnaşdy.