Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani 19-njy maýda geçirilen Prezident saýlawlarynda ikinji gezek ynamly ýeňiş gazandy. Maglumatlara görä, Hasan Ruhani sesleriň 59 göterimine eýe bolup, ýagny 22 million 800 müň saýlawçynyň sesini almagy başardy. Onuň bäsdeşi Ebrahin Raisi 15 million 452 müň (39 göterim) saýlawçynyň goldawyna eýe boldy.
Saýlawa 40 milliona golaý eýranly gatnaşdy, şeýlelikde, gatnaşyk 70 göterimden ybarat boldy. Birinji tapgyrdaky ýeňiş üçin dalaşgär sesleriň 50 göterimden gowragyna eýe bolmaly. Ruhani 2013-nji ýylda saýlawçylaryň 51 göterim sesine eýe bolup, ýeňiş gazanypdy.
Eýranyň 68 ýaşly Prezidenti liberal reformalaryň tarapdary bolup, ýurtda syýasy erkinligi üpjün etmegi, şeýle hem daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmegi niýet edinýär.
Eýranyň taryhynda eýýäm 12-nji gezek geçirilýän Prezident saýlawlarynda Hasan Ruhaniniň gaýtadan ikinji gezek saýlanmagy ýurduň ýaşaýjylary tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy.
Russiýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň hem-de Ýewropa bileleşiginiň Liderleri Hasan Ruhana gutlag hatlaryny ýolladylar.