Ýaponiýanyň taryhynda iň soňky gezek şeýle ýagdaý 1817-nji ýylda bolupdy. Köp ýyllardan soňra Imperator Akihito öz islegi bilen tagtyny tabşyrmaga mümkinçilik aldy. Geçen hepde ýurduň Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýolbaşçylygyndaky ýapon hökümeti Imperatoryň tagtyny meýletin tabşyrmagy baradaky kanunyň taslamasyny oňlady we mejlisiň garamagyna hödürledi. Ýurduň Mejlisi bu kanunyň taslamasyna iýun aýynda sereder.
Bu kanun diňe şu wagtky imperatora degişli edilip, onuň oruntutaryna degişli bolmaz. 83 ýaşyndaky Imperator Akihito öz çykyşynda saglyk ýagdaýy sebäpli döwlet jogapkärçiliklerini ýerine ýetirip bilmejekdigini mälim etdi. Ol şonuň üçin wezipesini meýletin tabşyrmak isleýändigini habar berdi.
Imperator tagtyny 2018-nji ýylyň ahyrynda tabşyrar. Onuň ýerine 57 ýaşyndaky ogly mirasdüşer şazada Naruhito geçer. Şeýlelikde, Akihito ýurduň taryhynda 125-nji Imperator bolar. Şeýle hem ol wezipesini meýletin tabşyran imperatorlaryň sanawynda öz ornuny alar.