17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi ugrunda degişli çäreler görülýär.
Welaýatlarda ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg edilýär. Şeýle-de, häkimler “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärli, toplumlaýyn we guramaçylykly çemeleşmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Ekiş geçiriljek meýdanlara tagt suwy, eýýäm ekilen gowaçalara bolsa gögeriş suwy tutulýar, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak we beýleki degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem wise-premýer ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ilatymyzy bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça işleriň geçirilýändigini, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygyny, Daşoguz welaýatynda bolsa pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumyny paýlamak işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk ekinlerini we öri meýdanlaryny zyýankeşlerden goramak, olaryň ýüze çykyp biljek ýagdaýlarynyň öňüni almak boýunça degişli işler geçirilýär hem-de gündelik gözegçilikde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekişiniň, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we olaryň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi, howanyň maýlamagy bilen baglylykda, ekin we öri meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.