17-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň hal­ka­ra iri çä­re­le­re gat­naş­mak hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­da du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek üçin Že­ne­wa sa­pa­ry baş­lan­dy.
Şol gün Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­na (SPEСA) gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň mi­nistr­ler du­şu­şy­gy­na gat­naş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti ag­za­lan fo­rum­da çy­kyş et­mek bi­len, SPEСA-ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş et­di. Şu­nuň bi­len bi­le­lik­de, SPEСA-nyň sek­re­ta­ria­ty­ny dö­ret­mek ar­ka­ly Mak­sat­na­ma­ny ins­ti­tu­sio­nal taý­dan güýç­len­dir­mek ba­ra­da­ky 2019-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň öňe sü­ren tek­li­bi­niň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.
Şeý­le hem türk­men ta­ra­py SPEСA-nyň tas­la­ma-mak­sat­na­ma­la­ýyn işi­ni ama­la aşyr­mak üçin ze­rur bo­lan tä­ze ma­li­ýe çeş­me­le­riň eme­le ge­ti­ril­me­gi ba­ba­tyn­da çy­kyş et­di. Şu nuk­daý­na­zar­dan, SPEСA-nyň Köp­hyz­mat­daş­lyk ulag gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi gol­da­nyl­dy. Şeý­le hem türk­men ta­ra­py Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ka­rar­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak­ly­gy öňe sür­di.