Günorta Koreýanyň “Blackpink” K-Pop toparynyň “YouTube” kanaly iň köp tomaşa edilen aýdym-saz topary bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.
Bu barada ýurduň “Yonhap” agentligi habar berýär. Toparyň agentligi “YG Entertainment” resmi “YouTube” kanalynyň 30 milliarddan hem köp tomaşa edilip, Jastin Biberiň kanalyndan öňe geçendigini mälim etdi.
Golaýda “Blackpink” 86,9 million abunaçysy bilen “YouTube”-da iň köp yzarlanýan aýdym-saz topary bolupdyr.
Mundan ozal topar “Spotify”-da iň köp diňlenen zenan topary, Angliýada we ABŞ-da albom sanawlarynda birinji orna çykan ilkinji zenan K-pop topary ýaly rekordlara adyny ýazdyrypdyr.
Şeýle hem topar häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda dowam edýän “Coachella” festiwalynda çykyş etdi. Şeýleikde bu festiwalda orun alan ilkinji K-pop topary boldy.