Günorta Koreýada özbaşdak hereket edip bilýän ulaglary synagdan geçirmek maksady bilen dünýäniň iň uly synag meýdançasynyň gurlandygy mälim edildi. “Business Korea” neşiriniň habaryna görä, bu meýdança “SK Telecom”, “Naver” hem-de “Samsung” ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary hem-de “Hyundai” we “Kia” ýaly awtoulag öndürijileri tarapyndan peýdalanylar.
Häzirki wagtda “K-City” atly meýdançanyň gurluşygy dowam edýär. Ol 360 müň inedördül metr meýdany öz içine alýar. Bu şäherjik awtobuslar üçin aýratyn ýollar, awtoduralgalar we synag üçin gerekli bolan beýleki zerurlyklar bilen üpjün ediler. Ony durmuşa geçirmek üçin 11 milliard won (9,7 million dollar) sarp ediler. “K-City” dürli awtoulag we tehnologiýa kompaniýalary tarapyndan peýdalanylýan Miçigan ştatyndaky “Mcity” şäherjiginden iki esse uly bolar. 88 gektarlyk meýdany öz içine aljak şäherjigiň geljek ýyl ulanmaga berilmegine garaşylýar.
Ýeri gelende aýtsak, golaýda “Samsung” sürüjisiz ulaglary kämilleşdirmek isleýändigini aýan edipdi.