24-nji aprelde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde immunizasiýa hepdeliginiň başlanmagy mynasybetli halkara maslahat geçirildi. Oňa halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary, habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Dabaranyň açylyşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilleri giriş sözleri bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda sanjym meseleleri barada slaýdlaryň, wideorolikleriň üsti bilen metbugat üçin maglumatlar berildi.
Çykyşlarda ilaty ýokanç kesellerden goramak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, immuno öňüni alyş işlerini geçirmek maksady bilen, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan sertifikatlaşdyrylan sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna satyn alnyp, tölegsiz ýerine ýetirilýändigine üns çekildi. Şeýle hem ýurdumyzyň dünýäde saglygy goraýyş ulgamynyň arassaçylyk – keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatynda ilatyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugrunda dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalyk bolup durýandygy bellenildi.
Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine laýyklykda, häzirki wagtda wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomielite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk we rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar raýatlara yzygiderli geçirilýär. Immuno öňüni alyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegi hem-de olara ilatyň işjeň gatnaşmagy ýokanç keselleriň öňüni almaga netijeli ýardam berýär. Häzirki wagtda birnäçe ýokanç kesellere bir wagtyň özünde garşy durmaga immuniteti üpjün edip bilýän sanjymlar ileri tutulýar. Şeýle sanjymlar adamy agyr görnüşli ýokanç keseller bilen syrkawlamakdan goramaga mümkinçilik berýär.