24-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň baş binasynda ýerli hem-de daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda III Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS – 2023) açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar we tanslar dabara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara we ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna ruhy lezzet paýlady. Olimpiada gatnaşýan her bir daşary ýurtly talybyň türkmen tahýasynda bolmagy, türkmen medeniýetine goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasy boldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar uniwersitetiniň baş binasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler we dabarany dowam etmek üçin mejlisler zalyna geldiler. Dabarada ilki bilen uniwersitetiň rektory Esen Aýdogdyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda daşary ýurtly wekilleri we talyplary olimpiadanyň açylyş dabarasy bilen gutlady we olimpiada gatnaşýan talyplara üstünlik arzuw etdi. Soňra olimpiadanyň senasy bolan “Biz çempionlar” aýdymy ýaňlandy. Bu aýdym bäsleşige gatnaşýan her bir talybyň ýüregindäki ýeňşe bolan alawy tutaşdyrdy.
Ezber talyplar bu olimpiadada şahsy görnüşde bäsleşdiler. Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşige gatnaşan talyplar A we B toparlara bölünip, A topara matematika we informatika boýunça ýöriteleşdirilen talyplar, B topara bolsa hünär ugruna garamazdan islendik talyp gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen we iňlis dillerinde geçirildi. Bäsleşigiň şahsy görnüşine gatnaşýan talyplara 6 mesele we olary çözmek üçin 240 minut wagt berildi.
Şu gün – 25-nji aprelde olimpiadanyň toparlaýyn görnüşine badalga berildi. Bäsleşigiň toparlaýyn görnüşine gatnaşýan her bir topara meseleleri çözmek üçin 120 minut wagt berildi. Olimpiadanyň ýeňijileri 28-nji aprelde hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandyrylar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän bu olimpiada gatnaşmak üçin Germaniýadan, Wengriýadan, Saud Arabystandan, Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Azerbaýjandan, Eýrandan we Özbegistandan 60-a golaý talyp geldi. Daşary ýurtly myhmanlary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlary asylly däbe eýerip, duz-çörek bilen mähirli garşy aldylar. Myhmanlar özlerine bildirilýän sylag-hormatdan örän hoşal boldular.
Olimpiadanyň çäklerinde paýtagtymyzyň gözel künjekleri bolan Nusaý ýadygärlikler toplumuna, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Türkmen Milli haly muzeýine, şeýle hem, “Aşgabat”, “Berkarar”, “Gülzemin” ýaly söwda we dynç alyş merkezine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, uniwersitetiň Ýaşlar guramasynyň we höwesjeň talyp ýaşlarynyň guramagynda “Iýmit festiwaly” geçirildi. Bu festiwalda türkmen milli naharlary we tagamlary sergilendi.
Orazbibi Orazowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.