Ýur­du­myz­da ne­şir­le­riň 2023-nji ýy­lyň II ýa­rym ýyl­ly­gy üçin elekt­ron we çap edil­ýän gör­nü­şü­ne abu­na ýa­zy­ly­şy­gy baş­lan­dy. Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň eda­ra-kär­ha­na­la­ryn­da­ky iş­çi hü­när­men­le­ri abu­na ýa­zyl­şy­gy­na iş­jeň gat­naş­ýar­lar. San­ly ul­ga­myň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da ne­şir­ýat ul­ga­my­na yk­jam or­naş­ma­gy, her bir oky­ja ýe­ňil­lik dö­red­ýär. Çün­ki hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da çap edil­ýän is­len­dik ga­zet-žur­na­ly el te­le­fon­la­ry­nyň, ýan komp­ýu­ter­le­riň üs­ti bi­len is­len­dik ýer­de, is­len­dik wagt­da oka­mak müm­kin. Şu gün­ler do­wam ed­ýän 2023-nji ýy­lyň II ýa­rym ýyl­ly­gy üçin elekt­ron abu­na ýa­zy­ly­şy­gy­na hem el te­le­fon­la­ryň üs­ti bi­len ýa­zyl­mak müm­kin. Bu bol­sa bi­ziň her bi­ri­mi­ziň wag­ty­my­zy tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ýur­du­myz­da çap edil­ýän beý­le­ki ga­zet-žur­nal­lar bi­len bir ha­tar­da “Za­man Türk­me­nis­tan” ga­ze­ti­niň oky­jy­la­ry­nyň köp­dü­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Çün­ki ga­ze­tiň elekt­ron saýt­la­ryn­da her gün di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, dün­ýä ýü­zü­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da­ky tä­ze­lik­ler giň­den be­ýan edil­ýär. Ga­ze­tiň ha­bar­lar, dün­ýä tä­ze­lik­le­ri, sport, sun­gat, sy­ýa­hat­çy­lyk, ça­ga­lar, yk­dy­sa­dy­ýet, ede­bi­ýat, Wa­tan was­py ýa­ly bö­lüm­le­rin­de gy­zyk­ly, tä­sir­li ma­ka­la­la­ry, tä­ze­lik­le­ri oka­mak, ta­nyş­mak müm­kin. Şeý­le hem ga­zet­de peý­da­ly mas­la­hat­lar, ça­ga­lar üçin dür­li oýun­lar, kross­word­lar, skan­word­lar yzy­gi­der­li çap edil­ýär. Mu­nuň özi her bir oky­jy­nyň boş wag­ty­ny gy­zyk­ly, maz­mun­ly ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. “Za­man Türk­me­nis­tan” ga­ze­ti­niň “And­ro­id” ama­ly ul­ga­my­nyň tä­ze­le­nen­di­gi­ni hem aý­ra­tyn bel­läp ge­çe­sim gel­ýär. Bu mo­il go­şun­dy­nyň üs­ti bi­len her bir oky­jy gün­de­lik tä­ze­lik­le­ri türk­men we rus dil­le­rin­de oka­mak ju­da amat­ly. Äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­zy “Za­man Türk­me­nis­tan” ga­ze­ti­niň elekt­ron we çap edil­ýän gör­nü­şi­ne 2023-nji ýy­lyň II ýa­rym ýy­ly üçin abu­na ýa­zyl­ma­ga ça­gyr­ýa­ryn. Ga­ze­tiň elekt­ron we çap edil­ýän gör­nüş­le­ri bi­len boş wag­ty­ňyz ma­ny­ly, maz­mun­ly gy­zyk­ly ge­çer.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň esa­sy hü­när­me­ni.