29-njy aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, forumy 3-4-nji maýda Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň deslapky meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron söwda, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag we logistikada ylym-bilimiň orny ýaly meseleler girizildi. Maslahatyň çäklerinde birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymlaýyn ugurlar boýunça möhüm transmilli ýollaryň merkezine öwürýär, ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip nygtady.
Meýilleşdirilýän halkara forum we sergi ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagyna hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we agentligiň ýolbaşçysyna çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.