Maý aýyň do­wa­myn­da 2023-nji ýy­lyň “Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­me­gi hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li mas­la­hat­la­ry, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry­ny, me­dia­fo­rum­la­ry we beý­le­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem yg­lan edi­len dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň jem­le­ri­ni jem­le­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da Ýe­ňiş gü­ni, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni, okuw ýy­ly­nyň ta­mam­lan­ma­gy we “Soň­ky jaň” da­ba­ra­sy, Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my, türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar, baý­ram­çy­lyk du­şu­şyk­la­ry, fo­rum­lar, ser­gi­ler we kon­sert­ler ge­çi­ri­ler. Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da “Ak şä­he­rim Aş­ga­bat” at­ly XXII kö­pu­gur­ly ser­gi, “Türk­men­ha­ly” döw­let bir­le­şi­gin­de “Türk­men ha­ly­sy — türk­me­niň kal­by” at­ly türk­men ha­ly­şy­nas­la­ry­nyň Bü­tin­dün­ýä jem­gy­ýe­ti­niň XXIII mej­li­si ge­çi­ri­ler.
Paý­tag­ty­myz­da­ky ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bir­nä­çe­sin­de Açyk hal­ka­ra in­ter­net olim­pia­da­la­ry­ny ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le-de tä­ze des­ga­la­ryň, şol san­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar me­ýil­leş­di­ril­di.
Bur ba­ra­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa 29-njy ap­rel­de ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de ha­sa­bat ber­di.