28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry, ahalteke bedewleriniň uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň baýramçylyk çykyşlary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi. Assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak, şeýle hem türkmen we daşary ýurt raýatlaryny assosiasiýanyň agzalygyna kabul etmek dabaralary geçirildi.
Baýramçylyk maksatnamasyna laýyklykda, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýraklar gowşurylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bedewleriň ähli döwürlerde halkymyzyň wepaly dosty we hemrasy bolandygyny belledi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýekşenbe güni — 30-njy aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden, dabaraly belleniljekdigini aýtdy.
Eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň durmuşynda bedewler möhüm orny eýeleýär. Behişdi bedewlerimiz gadymy topragymyzyň gudratydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.