Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy baglaşyldy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hemde ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplükdir mata ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million 30 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 962 müň 500 manada deň bolan bugdaý harpygyny satyn aldylar.