Germaniýada ýeke-täk ýol petegi ýola goýuldy. Şeýle petekler arkaly ulaglaryň ähli görnüşleri bilen diýen ýaly ýurduň çar tarapyna syýahat etmek mümkindir. Germaniýada halk köpçüligini jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmaga höweslendirmek maksady bilen aýda 49 ýewrolyk petek hödürlendi.
1-nji maýdan başlap, şeýle petegi bolan ýurduň ýaşaýjylary otly, tramwaý, awtobus, metro we gämi duralgasy bilen syýahat edip bilerler. Ulag ministri ozal bu ädimiň “zyňyndylary azaltmak we ýaşaýyş çykdajylary boýunça çökgünligi ýeňip geçmek” maksady bilen amala aşyrylýandygyny habar beripdi.
Ýol petegi “akylly” telefon programmasy ýa-da çip kartoçkasy arkaly hem elýeterlidir. Ýöne wagtyň geçmegi bilen bahalaryň ýokarlanmagyna garaşylýar. Ýokary tizlikli otlular we uzak aralyga gatnaýan awtobuslar üçin aýratyn tölenýär.
Geçen tomus, 1-nji iýundan 31-nji awgust aralygynda Germaniýada şeýle petekleriň bahasy 9 ýewrodan satyldy. Adamlar onuň bilen ýerli we sebit ulaglarynda ýurduň dürli künjegine syýahat edip bildiler. Satyş 50 milliondan geçdi.
Hususy awtoulaglaryň ulanylyşyny azaltmak başlangyjy Lýuksemburgda has-da täsirli boldy. Ol ýerde jemgyýetçilik ulagy üç ýyl ozal mugt ýola goýlupdy.