Italiýanyň 2-nji ligasy bolan “Serie B”-da ýokary liga “Serie A” çykan ilkinji topar belli boldy. 35-nji tapgyrda “Rejinany” 3-1 ýeňen “Frozinone kluby möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, utugyny 75-e çykardy. 3 ýyllyk arakesmeden soň “Serie A” dolanan kluba Dünýä Kubogynyň eýesi, italiýaly meşhur goragçy Fabio Grosso tälim berýär. “Frozinone” topary 3-nji gezek “Serie A”-da çykyş eder. “Frozinone” topary mundan öň 2015/16 we 2018/19 möwsümlerinde “Serie A”-da çykyş edipdi.

“Serie B”-da 2-nji ýeri geçen möwsüm “Serie A”-dan gaýdan “Jenoa” topary eýeleýär. “Frozinone” bilen “Jenoanyň” arasynda 3 utuk bolup, çempionlyk galan 4 tapgyrda belli kesgitlener.