Şu gün – 3-nji maý­da paý­tag­ty­my­zyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş — 2023» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi öz işi­ne baş­la­dy. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň ibe­ren Gut­la­gy okal­dy.

Iki gün­lük hal­ka­ra fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky de­giş­li eda­ra­lar bi­len bi­le­lik­de gu­ral­ýar.
Hal­ka­ra ser­gä mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, bi­ler­men­ler, ma­ýa­dar­lar, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­ýar­lar.

 

Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da awia­si­ýa, lo­gis­ti­ka, de­ňiz-der­ýa we de­mir ýol gat­na­wy, ça­par­çy­lyk hyz­ma­ty ýa­ly dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar gat­naş­ýar. Şeý­le hem hal­ka­ra mas­la­ha­ta we ser­gä bu ugur­da iş alyp bar­ýan da­şa­ry ýurt­ly eda­ra-kär­ha­na­la­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri ge­lip­dir­ler. Ser­gä «Vitol», «Me­no Lo­gis­tics», «Boeing», «Air­bus», «Dra­gon Oil», «Fly Du­bai», «Car­go Lux» hal­ka­ra lo­gis­ti­ka we eks­pe­di­tor­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Ho­wa Ulag­la­ry­nyň Hal­ka­ra As­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IATA), Hal­ka­ra gä­mi­çi­lik eda­ra­sy­nyň (ICS), Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU) we­kil­le­ri gat­naş­ýar. Şeý­le hem ýur­du­myz­da iş alyp bar­ýan ýer we hal­ka­ra awia­si­ýa, lo­gis­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ryň di­war­lyk­la­ry bar.
Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ýö­ri­te meý­dan­ça­syn­da dür­li ulag­la­ry, şol san­da elekt­rik ene­ri­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry we aw­to­bus­la­ry hem gör­mek bol­ýar.