PSŽ kluby çempionatda soňky tapgyrda öz meýdançasynda “Loriýandan” 3-1 asgyn geldi. Duşuşygyň ertesi güni toparyň super ýyldyzy Lionel Messi maşgalasy bilen Saud Arabystanyna gaýtdy. Mälim bolşy ýaly, Lionel Messi Saud Arabystanynyň marka wekili bolup, ol ýurduň mahabat ýüzi hökmünde çykyş edýär. Saud Arabystanynyň Syýahatçylyk ministri Ahmed Al Katib ýyldyz oýunçynyň bu ýurda gelmegi bilen baglanyşykly: “Messiniň maşgalasy bilen Saud Arabystana gelmegi bizi diýseň begendirýär” diýip, beýanat berdi.

Fransuzlaryň meşhur gazeti “L’Equipe” neşiriniň habar bermegine görä, PSŽ topary-da rugsat almazdan Saud Arabystana giden ýyldyz oýunça 2 hepdelik jerime berer. Habarda Messiniň 2 hepdeläp toparyň düzümine alynmajakdygy bellenilýär. Ol şol döwürde ne türgenleşige, ne-de futbol duşuşygyna çykar. Galyberse-de, oýunçynyň 2 hepdelik aýlyk tölegi-de kesiler.