Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow iki gün­lük döw­let sa­pa­ry bi­len Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na gel­di. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu dost­luk­ly ýur­da ama­la aşyr­ýan il­kin­ji sa­pa­ry­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sa­pa­ry my­na­sy­bet­li Du­şen­be şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Tä­ji­gis­ta­nyň Döw­let baý­dak­la­ry gal­dy­ryl­dy, Hor­mat ga­ra­wu­ly ny­za­ma dü­zül­di. Be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­nyň hor­ma­ty­na joş­gun­ly aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ra giň orun ber­lip, da­ba­ra­ly ýag­daý eme­le gel­di. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Tä­ji­gis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ko­hir Ra­sul­zo­da we beý­le­ki res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. Soň­ra ho­wa men­zi­lin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bi­len tä­jik ta­ra­py­nyň res­mi we­ki­li­niň gys­ga wagt­lyk söh­bet­deş­li­gi bol­dy.
Sa­pa­ryň bi­rin­ji gü­nü­niň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iki­çäk hem-de gi­ňel­di­len dü­züm­de türk­men-tä­jik gep­le­şik­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na gol çe­ki­ler. Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dost­luk­ly ýur­duň par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şu­şyk­la­ry me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1993-nji ýy­lyň 27-nji ýan­wa­ryn­da ýo­la go­ýul­dy. 2017-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da de­giş­li Şert­na­ma gol çe­kil­me­gi bi­len, türk­men-tä­jik hyz­mat­daş­ly­gy stra­te­gik de­re­jä çy­ka­ryl­dy. Mö­hüm hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri ba­bat­da iki döw­le­tiň ga­ra­ýyş­la­ry ga­bat gel­ýär. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz BMG, ÝHHG, GDA, YHG, ÝU­NES­KO ýa­ly iri dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler.