8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyrjak ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda Täjigistanyň Milli kitaphananyň binasynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Usmonali Usmonzoda gatnaşdylar.
Wekiliýetleriň agzalary sergide ýerleşdirilen eksponatlar hem-de iki ýurduň dürli kärhanalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Azyk we ýeňil senagaty, konditer önümçiligi, gurluşyk harytlary, maşyn gurluşygy we himiýa senagaty, magdançylyk pudagy we gymmat bahaly metallary çykarmak, oba hojalygy, syýahatçylyk we ş.m pudaklar boýunça Türkmenistanyň we Täjigistanyň öňdebaryjy öndürijileriniň önümleri, harytlary we hyzmatlary giňden görkezilen.
Bu sergä Türkmenistanyň 70-e golaý edaralarydyr kärhanalar, şol sanda, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan 50-ä golaý kärhana gatnaşýar, Täjik tarapyndan bolsa, 150-den gowrak edara-kärhana gatnaşýar.