Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan ýeň­şiň 78 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li uruş ýyl­la­ry­nyň wa­ka­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan «Da­ragt» at­ly çe­per fil­mi su­ra­ta dü­şür­di­. Ýa­zy­jy Ak­my­rat Re­je­po­wyň ede­bi ese­ri esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­len film­de Ýa­kup at­ly türk­men ýi­gi­di­niň dur­muş ýo­ly yzar­lan­ýar.
Ýa­kup oba og­la­ny, onuň ýa­şa­ýan oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry ur­şa ug­ra­dan adam­la­ry­na ga­raş­ýar­lar. Ola­ryň kim­si adam­sy­na, kim­si ka­ka­sy­na, kim­si og­lu­na, kim­si bol­sa aga­sy­na ga­raş­ýar. Ýa­ku­byň ýan­ýol­da­şy Nä­zik bol­sa ogul­jy­gy Umyt­jy­gy gu­ja­gy­na alyp öz Ýa­ku­by­na ga­raş­ýar. Ol uruş­dan do­la­nyp gel­ýän­le­riň öňün­den çy­kyp Ýa­ku­by so­ra­ýar­dy. Ýa­kup bol­sa ur­şa gi­de­nin­de «Nä­zi­gim men Wa­ta­ny­my­zy ga­nym duş­man­lar­dan azat edip, sag-aman do­la­nyp ge­le­rin, ýö­ne sen gel­ýän­çäm, erik aga­jy­my göz­den syp­dyr­ma­gyn, ol mi­we ge­ti­rip dur­sa men hök­man ge­le­rin, ma­ňa ga­raş!» di­ýip gid­ýär.
Ýa­kup duş­man bi­len sö­weş­ýän wag­ty Sa­şa at­ly be­la­rus ýi­gi­di bi­len dost­laş­ýar. Sa­şa bir gün «Bi­ze gyş ga­zap­ly gel­ýär. Sen bol­sa ys­sy ýurt­dan ge­len, üşe­ýän­siň» di­ýip, öz şi­ne­li­ni Ýa­ku­ba ber­ýär. Em­ma uruş ýit­gi­siz bol­ma­ýar. Bu­la­ryň gap­da­ly­na dü­şen snar­ýad sebäpli Sa­şa­ we­pat bolýar. Ýa­ku­p bolsa agyr ýa­ra­lan­ýar. Soň­ra Ýa­ku­by has­sa­ha­na alyp gid­ýär­ler. Ýa­ku­byň şi­ne­li­niň jü­bü­sin­de Sa­şa­nyň res­mi­na­ma­la­ry bo­lan­soň, onuň ady­ny Sa­şa di­ýip ýaz­ýar­lar. Ýa­kup bol­sa ýat­keş­li­gi­ni ýi­ti­rip özü­niň kimdi­gi­ni, ni­re­den­di­gi­ni, hat­da ady­ny-da bil­me­ýär. Şeý­dip Ýa­kup Be­la­rus top­ra­gyn­da ga­ly­ber­ýär.
Nä­zik bol­sa eli bo­şa­dy­gy erik aga­jy­ny suw­lap, oňa gö­zeg­çi­lik et­mek bi­len bo­lu­ber­ýär. Gün­ler­de bir gün erik aga­jy gu­ra­ýar. Şon­da-da Nä­zik oňa ideg et­me­si­ni bes et­me­ýär. Umyt ýi­git çyk­ýar, Nä­zik bol­sa, ha­lys tap­dan dü­şüp gar­ra­ýar. «Yh­la­sa-my­rat» diý­li­şi ýa­ly, Ýa­ku­byň bar umy­dy bo­lan erik ýe­ne-de gül­läp mi­we ge­ti­rip baş­la­ýar. Fil­miň so­ňun­da Ýa­kup hem gar­ry hal­da Wa­ta­ny­na do­la­nyp, öz maş­ga­la­sy­na go­wuş­ýar.
Fil­mi su­ra­ta dü­şü­ren ze­hin­li ki­no­re­žiss­ýor Sa­hy­sa­lyh Baý­ra­mow, go­ýu­jy ki­noo­pe­ra­to­ry Mak­sat Ho­ja­ba­ýew, fil­miň su­rat­ke­şi Şa­dur­dy Alowow, şeý­le-de fil­miň gur­naý­jy­sy Al­la­my­rat Ke­ri­mow da­gy fil­miň şow­ly çyk­ma­gy üçin yh­lasy­ny siň­di­rip­dir­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi uruş ýyl­la­ry­nyň har­by ulag­la­ry, egin eşik­le­ri bi­len ýa­kyn­dan ýar­dam ber­di. Fil­miň sah­na­la­ry Bä­her­den et­ra­byn­da, Sün­çe, No­hur ge­ňeş­lik­le­ri­niň gö­zel ýer­le­rin­de, şeý­le-de Gök­de­pe et­ra­byn­da, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň tö­we­re­gin­de su­ra­ta dü­şü­ril­di.
Film­de esa­sy keşp­le­ri, ýag­ny Ýa­ku­byň ýaş­ly­gy­ny Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Aý­dog­dy So­py­ýew, Nä­zi­giň ýaş­ly­gy­ny bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş Aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň ar­tis­ti Şem­şat Ka­sy­mo­wa ynan­dy­ry­jy edip jan­lan­dyr­ma­gy ba­şa­ryp­dyr­lar. Nä­zi­giň gar­ry­lyk döw­rü­ni mugallym ze­nan Tuw­ran Gur­ba­no­wa, Ýa­ku­byň gar­ry­lyk döw­rü­ni Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men milli kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň uly mu­gal­ly­my, pro­fes­sor Ýo­la­man Nu­ry­mow jan­lan­dy­ryp­dyr­lar. Şu ýer­de Ýo­la­man Nu­ry­mo­wyň ki­no sun­ga­tyn­da il­kin­ji çy­ky­şy­dy­gy­ny we muňa ga­ra­maz­dan, özü­ne yna­ny­lan keş­biň şow­ly çyk­ma­gy üçin yh­las edendi­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Şeý­le hem film­de Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Mu­ham­met­gu­ly Ka­sy­mow, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tist­le­ri Sa­ry Sa­ry­ýew, Aşyr Ýem­şi­kow, An­na­mu­ham­met Gur­ba­now, Ata­my­rat Ata­ýew, şeý­le-de ar­tist­ler Gül­se­re Ju­ma­ýe­wa, Ogul­ja­han Ku­li­ýe­wa, Me­kan Ju­ma­ba­ýew we beý­le­ki­ler çy­kyş ed­ýär­ler.
Film «Aş­ga­bat» ki­no­te­at­ryn­da hem-de ma­wy ek­ran ar­ka­ly to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­di.

Ak­my­rat HO­JA­BER­DI­ÝEW, 
Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň hünärmeni.