Erik – iň “şadyýan” tomus miweleriniň biridir. Bu şatlyk onuň Güne meňzeşliginde, datly tagamynda, şypalylygynda jemlenýär. Bu miwe gadym zamanlardan bäri Aziýa ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Erigiň beýleki köp miwelerde bolmadyk peýdaly taraplary bardyr. Erigiñ miwesinde 10 göterim şeker, şeýle hem limon, alma, salisil kislotasy bar. Bulardan başga-da, onuň düzüminde P, B1, PP, С witaminleri, has-da karotin köpdür. Terje erik kaliý maddasyna baý bolany üçin ýürek-damar kesellerine uçranlara peýdalydyr. Ol kaliýden başga-da, fosfora we magniýa baýdyr. Bu mineral maddalar beýniniň damarlaryna täsir edip, onuň çalt işlemegine kömek edýär.
Erigiň düzümindäki şire bolsa, bedenden toksini (mikroorganizmlerden döreýän zyýanly maddalar) we holesterini çykarmaga kömek edýär. Aşgarlaýjy maddalar bolsa, berkidijilik taýdan täsir edýär. Çagalara, uly ýaşlylara, hatda, göwreli aýallara-da erik iýmek maslahat berilýär. Çünki ol nerw ulgamyny kuwwatlandyrýar we ýadawlygyňy aýyrýar. Ony yzygiderli iýmek deriniň juwanlaşmagyna we görejiň ýitileşmegine getirýär. Erigiň ter miwesinden we onuň kişdesinden kompot taýýarlanýar. Erik ganazlyga, gan aýlanyşy peslere, saçyň, dyrnaklaryň berkemegine kömek edýär. Ol düwnük keseliniň öňüni almakda hem peýdalydyr.