Peýnir düzüminde kalsiý saklaýanlygy üçin saçyň we dyrnaklaryň ösmegine ýardam berýär, süňkleriň we dişleriň berkemegine kömek edýär, ýöne köp ýag saklaýar, şonuň üçin ol ýognamaga sebäp bolýar diýlip hasaplanýar. Tani Kongreslewiň ýolbaşçylygyndaky Kopengagen uniweritetiniň barlagçylar topary peýniri ýygy-ýygydan iýmegi maslahat berýär. Daniýaly alymlar süýt önümleriniň jadyly şypa beriji häsiýete eýedigini belläp geçýärler. Olar geçiren barlaglarynyň netijesinde, düwnük öýjükleri bilen göreşde peýniriň peýdasynyň uludygyny mälim etdiler. Mundan başga-da, bu önüm ýürek-damar we nerw ulgamlaryna oňaýly täsir edip, holesterini dargatmaga we süýjükeseliň garşysyna göreşmäge, hatda düwnük öýjükleriniň ösüşini haýallatmaga hem ukyply.
Çünki peýnir saglyk üçin peýdaly bolan minerallara, witaminlere we maddalara baýdyr. Şeýle hem hünärmenler, mundan ozal peýniriň zyýany barada aýdan kärdeşleriniň delilleriniň esassyzdygyny mälim etdiler. Mundan ozal alymlar tofu peýniriniň we bananyň adamy has bagtly edýändigini habar beripdirler.