“Tencent” te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa kom­pa­ni­ýa­sy Hy­taý­da dün­ýä­dä­ki iň uly mag­lu­mat mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­dy. Bu ba­ra­da “Izaý glo­bal” mag­lu­mat çeş­me­si ha­bar ber­di.
Eme­li aň ar­ka­ly öň­de­ba­ry­jy ha­sap­la­ýyş mer­ke­zi diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan des­ga Şan­ha­ýyň Sunsz­ýan et­ra­byn­da ýer­le­şer. Bu tas­la­ma “Tencent” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan et­rap hä­kim­li­gi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar. Tas­la­ma­nyň ope­ra­to­ry­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Wan Çži­si­niň söz­le­ri­ne gö­rä, şu gü­ne çen­li 10 müň ser­we­ri bo­lan dört bi­na gu­rul­dy.
Äh­li iş­ler ta­mam­la­nan­dan soň des­ga­da 800 müň ser­wer otur­dy­lar. Des­ga­nyň işe gi­ri­zil­jek wag­ty en­tek kes­git­len­me­di.
Mer­kez, esa­san hem, bu­lut ha­sap­la­ýyş ul­ga­myn­da­ky mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek, gys­sag­ly ha­bar­na­ma­la­ry alyş­mak bo­ýun­ça hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­mak, şeý­le hem sag­lyk äti­ýaç­lan­dy­ry­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler bi­len meş­gul­la­nar.